serdar Wahidi: DAEŞ merkezi aziýa aralaşyp barýandyr
(last modified Mon, 07 Jan 2019 09:15:16 GMT )
Jan 07, 2019 14:15 Asia/Ashgabat
  • serdar Wahidi: DAEŞ merkezi aziýa aralaşyp barýandyr

Eýranyň milli goranyş boýunça ýokary okuw jaýynyň başlygy durmuşda terrorçy DAEŞ topary Owganystanda ýerleşip we merkezi aziýa aralaşyp durandyr diýdi.

ISNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä serdar setip Wahid Ahmadi şu gün Tehranda Aziýanyň günbatarynda goranyş we howpsuzlyk boýunça halkara ýygnagynda eden çykyşynda Aziýanyň günbatary köp basybalyjylyga, terrorizme we zorluklara gabat gelendir diýip nygtady.

serdar Wahidi Amerikaly harbylaryň Siriýadan çykaryljakdygyny yglan edilenligine yşarat edip Amerikanyň Siriýadan çykmagynyň amala aşyryljakdygy belli däldir, durmuşda Amerika Siriada şowsuzlyga uçrandyr we aýdany bolandäldir diýip beýan etdi.

Eýranyň milli goranyş boýunça ýokary okuw jaýynyň başlygy serdar setip Wahid Ahmadi Aziýanyň günbatarynda ýagdaý gowlaşandyr we Siriýa bilen Yragyň özgerişleri hemde ýemeniň ýaraşyk ylalaşygy we Owganystanyň ýaraşyk gepleşikleri biziň ýaňky gürrüňmize şaýatlyk edýär diýip nygtap geçdi.

Tags