Ýemenlileriň DAEŞ terrorçylaryna garşy alyp baran täsin operasiýasy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i26070-Ýemenlileriň_daeŞ_terrorçylaryna_garşy_alyp_baran_täsin_operasiýasy
Ýemen güýçleri Al Baýda welaýatynda bir sebiti DAEŞ terrorçylaryndan arassalanandygyny habar berdiler.
(last modified 2025-01-16T07:18:51+00:00 )
Jan 16, 2025 12:18 Asia/Ashgabat
  • Ýemenlileriň DAEŞ terrorçylaryna garşy alyp baran täsin operasiýasy

Ýemen güýçleri Al Baýda welaýatynda bir sebiti DAEŞ terrorçylaryndan arassalanandygyny habar berdiler.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Ýemeniň Milli halas ediş hökümetiniň Içeri işler ministrligi Ýemen güýçleriniň özboluşly operasiýa geçirip Al Baýda welaýatynda ýerleşýän "Hankah Al Saud" sebitini DAEŞ terrorçylaryndan arassalamagy başarndygyny habar berdi.

Ýemeniň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, bu operasiýadan soň, DAEŞ terrorçylarynyň onlarçasy tussag edildi we olaryň köpüsi bu DAEŞ terrorçylarynyň lideri Faýsal Al-Habzi Al-Mu'in bilen bilelikde öldürildiler.

Ýemeniň Içeri işler ministrligi ABŞ-nyň we Sionist režimiň DAEŞ-y işjeňleşdirmeginiň Ýemeni palestinalylaryň garşylygy üçin öz pozisiýalaryndan çekilmäge mejbur etmek maksady bilen edilendigini aýtdy.