Gasemi:duşmançylykly her hili herekete gaýtawul beriljekdir
(last modified Mon, 14 Jan 2019 17:24:44 GMT )
Jan 14, 2019 22:24 Asia/Ashgabat
  • Gasemi:duşmançylykly her hili herekete gaýtawul beriljekdir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýran Yslam Respublikasy milli bähbitlerine garşy her hili duşmançylykly herekete gaýtawul berjekdir diýip yglan etdi.

şu gün Bahram Gasemi içeri we daşary habarçylaryň arasynda kosmus we öz bejeren raketalary bilen emeli hemrany orbitada ýerleşdirmek baradaky Eýranyň alyp barýan işleri hakynda Amerika bilen Fransiýanyň pozisiýalarynyň jogabynda şu ugurlarda Eýranyň edýän işleriniň hiç birisi Birleşen Milletler Guramanyň we bu guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň karar hatlaryna şol sanda 2231-nji karar hatyna garşy däldir diýip nygtady.

Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Ýewropanyň käbir döwletleriniň Eýranyň garşysyndaky nä-dogyry hereketlerine hemde SPW adyny alan maliýe sistemasyny amala aşyrmakda gowşak durmaklaryna yşarat edip Ýewropalylar SPW maliýe sistemasyny amala aşyrtmaga umytly garaýandyrlar emma Amerika döwleti tarapyndan güýçli basyşlara gabat gelip durandyrlar diýip beýan etdi.

Gasemi şeýle-de hamala Orta Gündogarda parahatçylyk we howpsuzlyk ady bilen Polşanyň paýtagtynda geçiriljek maslahata yşarat edip Ak-Tamyň tejribesiz resmileri ýörite syýasatlaryň başyny başlandyrlar we olaryň birisi Eýran milletine duşmançylyk etmekdir,olar Eýranyň daşary gatnaşyklarynda kynçylyk döretjek bolýarlar we Ýewropanyň hem öz ýoluny dowam etmegine rugsat bermejek bolýarlar diýip nygtady.

Gasemi sözüniň dowamynda Eýranyň Siriýada hiç hili harby bazasynyň ýokdygyny aýdyp Eýranyň harby maslahatçylary Damask döwletiniň islegi esasynda Siriýa girip terrorçylara garşy göreşmekde bu ýurdyň goşun güýçlerine goldaw berendirler diýip nygtap geçdi.

Tags