Zarif:kynçylyklaryň çözülmegi bilen Eýran we Yragyň söwda dolanşygy köpeljekdir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4578-zarif_kynçylyklaryň_çözülmegi_bilen_eýran_we_yragyň_söwda_dolanşygy_köpeljekdir
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran bilen Yragyň hyzmatdaşlyklary ugurndaky böwetleri aýymak ugurda tagalla edilmelidir şeýle bolan ýagdaýnda iki ýurdyň söwda dolanşygynyň möçberi gaty artjakdyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jan 16, 2019 22:53 Asia/Ashgabat
  • Zarif:kynçylyklaryň çözülmegi bilen Eýran we Yragyň söwda dolanşygy köpeljekdir

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Eýran bilen Yragyň hyzmatdaşlyklary ugurndaky böwetleri aýymak ugurda tagalla edilmelidir şeýle bolan ýagdaýnda iki ýurdyň söwda dolanşygynyň möçberi gaty artjakdyr diýip nygtady.

şu gün Muhammet Jawad Zarif Karbalada Eýran bilen Yragyň merkezi we günorta welaýatlarynyň ykdysady hyzmatdaşlyklary adyndaky ýygnakda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy Yrakly taraplar bilen gümrük salgytlaryny aýyrmaga taýýarlygy bardyr diýmek bilen durmuşky ýagdaýda we Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklarynyň amala aşyrylyp durulan mahalynda Eýran ýylda 2 milliard dollarlyk gaz we elektrik Yraga eksport edýändir diýip yglan etdi.

Zarif sözüniň dowamynda Amerika döwletiniň iki goňşy ýurdyň gatnaşyklaryna çäklik döretmäge haky ýokdyr diýmek bilen Eýranyň kompaniýalary energiýa baradaky hyzmatdaşlyklarynyň gerimini giňeltmek bilen Yragyň gerek energiýasyny üpjün edip başarjakdyrlar diýip nygtady.