Larijani:Siriýa milletiniň çydamlylygy netije berdi
Eýranyň mejlis başlygy Ali larijani Siriýa milletiniň çydamlylygy netije berdi we duşmanlara üstem çykdy diýdi.
şu gün Ali Larijani Tehranda Siriýanyň daşary işler ministri Walid Mugallym bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtamak bilen üstümizdäki miladi ýylyň dowamynda Eýran bilen Siriýanyň söwda gatnaşyklary ösdüriljekdir diýip nygtady.
Walid Mugallym hem bu duşuşykda Eýranyň Yslam Ynkylabynyň ýeňişe ýeten günleriniň ýyllygynyň gelip ýetmegini gutlamak bilen Eýran milletiniň yslam ynkylabynyň gowy netijeleri diňe bu ýurda çäkli bolandäldir belkide tutuş sebite öz täsirini goýandyr diýip nygtady.
Walid Mugallym sözüniň dowamynda terrorizme garşy göreşmek ugurdaky Eýran, çydam toplumy we Orsýetiň önjeýli hyzmatdaşlyklaryna yşarat edip bu üstünlikler Amerika we Sionist režimini gazaba çykarandyr we Siriýa garşy hereketlerini dowam etdirmek bilen pitnelerini öňe äkitjek bolýandyrlar diýip nygtap geçdi.