Feb 19, 2019 20:05 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: dünýä derejesinde guramalaşdyrlan terrorizmiň çykan ýeri Arabystandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bahram Gasemi radikal ideýanyň we dünýä derejesinde guramalaşdyrlan terrorizmiň çykýan ýeri bolan Arabystanyň başga ýurtlary aýyplamaga ýagdaýy ýokdyr diýdi.

Bahram Gasemi Arabystanyň daşary işler ministri Adel Al-Jobairiň Pakistanda Eýrana garşy aýdan gürrüňiniň jogabynda Adel Al-Jobairiň duşmançylykdan doly bolan gürrüňleri dünýä we sebitde  hakyky terrorizmiň atasynyň Arabystanyň döwletidigi baradaky hakykaty üýtgedip başarmaz diýip nygtady.

Adel Al jobair rehimsiz we terrorçy toparlary gurmak we goldamak baradaky Riýadyň ýerine ýetirýän rolynyň üstüni basyrmagyň ýerine Arabystan häkimiýetiniň düzümindäki terrorizm we Al Saud režiminiň sebit we dünýä derejesinde şol sanda Ýemende baş goşýan jenaýatlary barada jogap bersin diýip beýan etdi.

 

Tags