Eýran bilen Ermenistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i4796-eýran_bilen_ermenistanyň_köpugurly_gatnaşyklarynyň_ösdürilmegi
Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani Tehran-Ýerewanyň gatnaşyklarynyň ýüzüni ösüşe tarap hasaplamak bilen iki döwlet köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge ýeterlik yradadan paýlydyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Feb 27, 2019 21:09 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Ermenistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi

Eýranyň döwlet baştutany hasan Ruhani Tehran-Ýerewanyň gatnaşyklarynyň ýüzüni ösüşe tarap hasaplamak bilen iki döwlet köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge ýeterlik yradadan paýlydyrlar diýdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Eýran bilen ermenistanyň ýokary derejeli toparlarynyň maslahatynyň soňunda hyzmatdaşlyk senetlere gol çekilenden soňra beren gürrüňlerinde Amerikanyň Eýrana garşy birtaraplaýyn gadaganlyklary baradaky Ýerewanyň ileri süren pozisiýasy babatly minnetdarlygyny bildirmek bilen Eýran bilen Ermenistan syýasy, medeni, syýahatçylyk we ylmy ugurlarda gowy gatnaşyklardan paýlydyrlar we bu ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini Tehran garşylaýar diýip yglan etdi.

prezident ruhani sözüniň dowamynda Eýran bilen Ermenistan ykdysady ugurlarda hem ýokaey mümkinçiliklere eýedirler diýmek bilen iki ýurdyň ykdysady ugurdaky iň möhüm hyzmatdaşlyklary gaz, elektrik we bu ikisini alyö-beriş etmekdir diýip nygtady.

Ermenistanyň premýer ministri hem Tehranda Eýran bilen ermenistanyň ýokary derejeli toparlarynyň maslahatynyň soňunda hyzmatdaşlyk senetlere gol çekilenden soňra beren gürrüňlerinde iki ýurdyň ykdysady we söwda hyzmatdaşlyklary barada täze gözýetim dörändir oňa görä işdöredijiler şu ugra şowuklandyrylmalydyrlar diiýp nygtady.

Paşiniýan şeýle-de Ýerewan , Tehran bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge ykjamdyr we Eýranyň gazyny Gürjüstana tranziit etme ugurda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip yglan etdi.