Ruhani:Çabahar porty Tehran-Nýu Dehliň giň gerimdäki hyzmatdaşlyklarynyň simwolydyr
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani Çabahar porty Tehran bilen Nýu-Dehliň giň gerimdäki hyzmatdaşlyklarynyň simwolydyr diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy gyzyklanma bildirýän ugurlarynda Hindistan bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegini garşylaýar diýip yglan etdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Hindistanyň Eýrandaky täze ilçisi Gaddam Darmendranyň ynanç hatyny kabul eden mahaly beren gürrüňlerinde iki ýurduň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek üçin ýokary mümkinçiliklerden paýlydyklaryny aýdyp energiýa taslamalaryna goşulmaklyga we Tehran-Nýu Dehliň uzak möhletli ylalaşygynyň taýýarlanyp kesgitlenmegine badalga berilmegi iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm ädim hasaplanýandyr diýdi.
Tehran döwleti terrorizme garşy göreşmek we sebitde howpsuzlygy berkarar etmek ugurda Nýu Dehli bilen arkalaşmaga taýýardyr diýip Eýranyň prezidenti yglan etdi.
Hindistanyň Eýrandaky täze ilçisi Gaddam Darmendra hem bu duşuşykda ynanç hatyny prezident Ruhana gowşurmak bilen Nýu Dehli döwletiniň Tehran bilen köp ugurly gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyny yglan etdi.
Gaddam Darmendra şeýle-de terrorizme garşy göreşde iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini nygtady.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün şeýle-de Yragyň,Mýanmaryň,Kongoň we Burkina fasoň Eýrandäki täze ilçilerini kabul etdi.