Eýranyň Mazandaran we Gülüstan welabatlaryny sil aldy
soňky günlerde Eýranyň demirgazygynda ýagan köp ýagyşlar Mazandaran we gülüstan welaýatlarynda sowuň joşyp ýaşaýyş jaýlara we ekiş ýerlere zyýanlaryň ýetmegine sebäp boldy.
geçen duşenbe güni Eýranyň demirgazyk welaýatlarynda ýüze çykan gaýly howanyň netijesinde gülüstan welaýatynyň käbir etraplaryna düşen ýagynyň mikdary 300 milimetrden hem geçdi.
Gülüstan welaýatynyň Ak gala etrabynyň häkimi gürgen akarynyň daşymagy barada beren maglumatynda görilen çärelere garamazdan Ak gala şäheriniň ýüze 70 meýdanyny suw aldy diýip yglan etdi. gürgen akarynyň daşymagy zerarly Ak gala etrabynyň käbir obalaryna dik uçar arkaly asmandan kömek w iýmit maddalary ýetirilmeli boldy diýip Amangeldi Zamir aýtdy.
ýene bir habara görä suw joşgundan zyýan gören Gülüstan welaýatynyň ýaşaýjylary bilen duýgydaşlyk bildirmek üçin yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýörite wekili hem bu welaýata sapar edendir.