Falahatpişe:dünýäniň garaşsyz ýurtlary Amerikanyň garşysynda durup bilerler
Eýran parlamentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Heşmatullah Falahatpişe şu gün Moskwada Orsýetiň duma mejlisiniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Leonid Slutsky bilen geçiren duşuşygynda dünýäniň garaşsyz ýurtlary Amerikanyň ezijilikli hereketleriniň garşysynda durup özara arkalaşmak bilen Waşingtonyň bikanun boluşlaryna soň berip bilerler diýip yglan etdi.
Heşmatullah Falahatpişe Siriýa dartgynlylygyna soň bermek ugurda Eýran bilen Orsýetiň arasynda bolýan arkalaşyklary başga bölümlerde arkalaşmak üçin bir nusga hasaplamak bilen Eýran we Orsýetiň syýasy we parlamentlik gepleşikleri sebitde durnuklylygyň berkarar bolmagyna sebäp bolar diýip ynam bildirdi.
Eýran parlamentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy şeýle-de sebitde terrorçy toparlary goldamakda Amerikanyň ýalňyş syýasatlaryny tankytlap Amerikanyň ýalňyş we akla laýyk gelmeýän tutumlary sebitde terrorizmiň we zorlukly hereketleriň artmagyna sebäp bolandyr diýdi.