Kaşany:Trampyň işi bilen Amerika döwletiniň habislygy has beter aýan bolandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5124-kaşany_trampyň_işi_bilen_amerika_döwletiniň_habislygy_has_beter_aýan_bolandyr
Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatollah Muhammet Ymamy Kaşany geçen 40 ýyllykda Amerika döwletiniň Eýran milletiniň tersine ýola beren jenaýatlaryna yşarat edip indi Donald Trampyň işleri bilen Amerikanyň habis keşbi hemmelere aýan bolandyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Apr 26, 2019 17:32 Asia/Ashgabat
  •  Kaşany:Trampyň işi bilen Amerika döwletiniň habislygy has beter aýan bolandyr

Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatollah Muhammet Ymamy Kaşany geçen 40 ýyllykda Amerika döwletiniň Eýran milletiniň tersine ýola beren jenaýatlaryna yşarat edip indi Donald Trampyň işleri bilen Amerikanyň habis keşbi hemmelere aýan bolandyr diýip nygtady.

Aýatollah Muhammet Ymamy Kaşany şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde yslam ynkylabynyň pasdarlar sepah güýjüniň adyny Amerikanyň terrorçy tanaýan guramalarynyň listesinde ýerleşdirilmegini hemde Eýranyň nebit eksportynyň öňüni almakda Amerikanyň ýola beren işini ýazgarmak bilen Amerikanyň habis işleri baradaky kazawaty dünýä ilatynyň üstüne oklamalydyr diýip beýan etdi.

Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola berýän duşmançylykly hereketleri bu gezek hem şowsuzlyga uçrar diýip Tehranyň juma namazynyň hatyby aýtdy.

Aýatollah Muhammet Ymamy Kaşany Arabystanyň 37 raýatyna ölüm jezasyny berip olary öldürmekde Al-Saud režiminiň ýola beren işini ýazgaryp bu işi Al-Saud režimine we onuň hemaýatçylary bolan Amerika we Sionist režiminiň maňlaýlaryna sürtülen gara menekdir diýip beýan etdi.

ol Amerika bilen Sauddyr Sionist režimlerini şum uçluk gudrat bilmek bilen dünýä ilaty bu şum gudratlary terrorizmi döredip sebit ilatyny gyrana bermekleri üçin jenaýatkär tanaýandyrlar diýip yglan etdi.