Heýdari: Eýran goşuny duşmanyň ähtimallaýyn wehimlerine garşy göreşmäge taýýardyr
Eýran goşunynyň gury ýer güýjiniň serkerdesi emir sertip kiomars Heýdari Eýran goşuny döwrwbap harby tehnologiýalar arkaly uşmanyň ähtimallaýyn wehimlerine garşy göreşmäge taýýardyr diýip yglan etdi.
Eýran goşunynyň gury ýer güýjiniň serkerdesi emir sertip kiomars Heýdari bu güýjiň soňky gazananlaryny ýakyndan baryp gören mahaly beren gürrüňlerinde Eýran Yslam respublikasynyň duşmanlarynyň akmaklyk ýüzinden bir herekete baş goşan ýagdaýynda Eýran goşunynyň gaýtawuly berk we mäkäm bolar diýip nygtady.
Eýran goşunynyň gury ýer güýjiniň serkerdesi emir sertip kiomars Heýdari şeýle-de Eýran yslam Respublikasy özüniň başarjaňlyklaryna daýanyp ýurdyň kämil howpsuzlygyny berkarar edip başarýanlygyna buýsanýandyr diýip sözüne goşdy.
harby enjamlar we harbylar babatly Eýran dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň hatarynda ýerleşendir diýip Eýran goşunynyň gury ýer güýjiniň serkerdesi emir sertip kiomars Heýdari yglan etdi.