Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda uly synag bilen ýüzbe ýüzdirler
(last modified Fri, 10 May 2019 12:48:47 GMT )
May 10, 2019 17:48 Asia/Ashgabat
  • Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda uly synag bilen ýüzbe ýüzdirler

Tehranyň wagtlaýyn juma ymamy ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň käbir jogapkärçilikleriniň ýatyrylmagyna yşarat edip Birleşen Milletler Guramasy,halkara köpçüligi we Ýewropalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda uly synag bilen ýüzbe ýüzdirler diýip yglan etdi.

hojatolyslam Muhammetjawad Haç Aliakbari şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Eýran ilaty özleriniň taýsyz agzybirlikleri we jebislikleri bilen hemişe duşmanlary ýeňendirler diýmek bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň käbir jogapkärçilikleriniň Tehran tarapyndan ýatyrylmagyna Ýewropalylaryň nägilelik bildirip gaharda bolmaklary Eýran milletiniň barýan ýolunyň dogrydygyny görkezýändir diýip beýan etdi.

Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky käbir jogapkärçiliklerini ýatyrmagy bir başlangyç işdyr egerde Ýewropalylar bu ylalaşykda öz paýlaryna düşýän borçlarda dogry tapylmasalar Eýran 60 günden soň täze işleri ýola goýar diýip Tehranyň juma namazynyň hatyby aýtdy.

Tehranyň juma namazynyň hatyby imperializm toplumy we bu toplumyň başynda Amerika bilen Sionist režimi dargap barýandyrlar diýmek bilen dünýäde güýjüň özeni çydam toplunynyň elindedir we çydam düşünjesi dünýäde ýaýrap barýandyr diýip nygtady.

hojatolyslam Aliakbari sözüniň dowamynda Amerikanyň iň uly hyzmatdaşy bolan  Sionist režimiň sebitde çydam toplumynyň gabawyna düşendigini aýdyp Sionist režiminiň jenaýatlaryna palestina çydamynyň raketa bilen berk gaýtawuly görkezmegi bu basyp alyjy režimiň 48 sagata ýetmäni ýeňiljekdigini görkezdi diýip beýan etdi.