Eýran Palestinanyň basylyp alynmagynyň ýyllygynda beýannama çykardy
(last modified Tue, 14 May 2019 11:24:06 GMT )
May 14, 2019 16:24 Asia/Ashgabat
  • Eýran Palestinanyň basylyp alynmagynyň ýyllygynda beýannama çykardy

Eýranyň daşary işler ministrligi mukaddes Kudusy we Palestina ýurduny azat etmekde halkara guramalaryň aýratynda Birleşen Milletler Guramanyň üstüne düşýän uly jogapkärçiligi ýatladyp bir beýannama çykardy.

Eýranyň daşary işler ministrligi Palestina ýurdunyň basylyp alynmagynyň ýyllygynda çykaran bu beýannamasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina ilatynyň belent maksatlaryna hemişe hemaýat ýetirjekdigini nygtap Beýtulmukaddesiň paýtagtlygynda Palestina halkynyň öz ýurtlaryny döredip bilmeklerine Birleşen Milletler Guramasynyň hemaýat bermegini isledi.

gadymy Palestina ýurdunyň basylyp alynmagynyň üstünden 70 ýyldan eýräk wagtyň geçmegi bilen indi halkara guramalar Sionist režiminiň basyp alyjylygyna soň berip Palestinaly bosgunlaryň öz watanlaryna dolanyp bilmeklerine şert döretmelidirler diýip bu beýannamada getirilýär.

71 ýyl mundan ozal Maý aýyň 14-nji gününde eziji döwletleriň hemaýatlary bilen Sionist režimi döredilip Palestina ilatynyň ýüz müňlerçesi öz ata baba ýurtlaryndan kowulyp çykaryldylar.