Eýranyň daşary işler ministri Hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5260-eýranyň_daşary_işler_ministri_hytaýly_kärdeşi_bilen_duşuşdy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif şu gün Pekinde Hytaýly kärdeşi Wang Ýi bilen duşuşyp gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 17, 2019 18:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň daşary işler ministri Hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad Zarif şu gün Pekinde Hytaýly kärdeşi Wang Ýi bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Muhammet Jawad Zarif, Wang Ýi bilen geçiren duşuşygynda soňky özgerişler, ýadro ylalaşygy barada Eýranyň tutan tutumy, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi şeýle-de sebitleýin meseleler barada gürrüň etdi.

Zarif bu duşuşykda Hytaýyň, Eýranyň iň uly ykdysady we söwda hyzmatdaşydygyny aýdyp näçetaraplaýyn ýörelgäniň goralmagyny nygtady.