May 23, 2019 18:28 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçy: Amerikanyň we Ysraýyl režiminiň dargajakdygyna şek-şübhe ýokdyr

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri çarşenbe güni ikindin talyparyň müňlerçesiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde aýdyň we umytlandyryjy gözýetimi umumy hereketiň ileri gitmegine we dowam etmegine sebäpkär hasaplamak bilen uly işleri bitirmek baradaky Eýran milletiniň subutlan mümkinçilikleri Eýran milletiniň aýdyň geljege we maksatlara tarap bolan umumy hereketiniň umytlandyryjy nokadydyr diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda hudaýyň dinini goldaýanlara ýardam etmek baradaky allanyň mizemez we dogry wadasyny ýene bir umytlandyryjy nokad hasaplamak bilen günbatar siwilizasiýasynyň peselmegi we dargamagy Eýran milletiniň umumy hereketine bolan ýene bir umytlandyryjy nokatdyr diýip nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri ýaş talyplara garap umum adamzadyň duşmanlary bolan Amerikanyň dargan siwilizasiýasy bilen Ysraýyl režiminiň ýogalmaklaryna şaýat boljakdygyňyza ynanyň diýip sözüne goşdylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri şeýle-de ýaşlary we talyplary mübärek oraza aýynyň mümkinçiliklerinden we pursatlaryndan hudaý tagala bilen arabaglanşyklary pugtalandyrmak ugurda haýyrlanmaga çagyrmak bilen gurhana. namaza we doga üns bermekligi özüňiziň ýagşy we mydamlyk häsiýetiňize öwüriň diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Seýed Ali Hameneýi Hezretleri sözüniň ýene bir bölüminde talyplar boýunça jemgyýetleriň içeri hemde sebit we halkara derejesinde bitiren işlerine yşaratedip talyplar jemgyýetleriniň işçileri goldamagy, ýürdyň 3 güýjinden we yslam häkimiýetiniň salasyny saýgaryş ýygnagyndan isleglerini yzarlamaklary şeýle-de Ýemen ilatyna goldaw bermek ugurda çykyş etmekleri hemde Täze Zelandiýa bilen Nigeriýa hadysalary barada pozisiýalaryny yglan etmekleri amala aşyrlan gowy işlerdendir diýip nygtadylar.

Tags