Ruhani:Eýran sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň yzyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5332-ruhani_eýran_sebitde_howpsuzlygy_pugtalandyrmagyň_yzyndadyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň yzyndadygyny aýtmak bilen Eýran hiç bir ýurt bilen uruşyň yzynda däldir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 05, 2019 11:37 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň yzyndadyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýranyň sebitde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň yzyndadygyny aýtmak bilen Eýran hiç bir ýurt bilen uruşyň yzynda däldir diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün telefon arkaly Kataryň emiri Tamim Bin Hamad Al-Sani bilen geçiren söhbetdeşliginde oraza baýramyny gutlamak bilen bir wagtda eger bir ýurt Eýrana garşy ýalňyş herekete baş goşaýsa hökman Eýranyň berk we puşman ediji jogaby bilen ýüzbe ýüz boljakdyr diýdi.

prezident Ruhani sebitiň kynçylyklaryň we meseleleriniň harby çykalgasynyň ýoklygyna yşarat edip Kuweýtiň Yragyň ýok bolan diktatori Saddam Hoseýn alkaly basyp alynmagynyň,Arabystan we Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan Ýemene hüjüm edilmeginiň hemde Katar döwletiniň gurşalmagynyň garşysyndaky Eýranyň boluşy Eýranyň uruş,basyş we gadaganlyklar bilen garşydygyny subut edýändir diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany şeýle-de Arabystan we Birleşen Arap Emirliginiň Eýran,Ýemen we Katar bilen sowuk gatnaşyklarynyň bardygyna yşarat edip Saudylaryň we Arap Emirlikleriň bu boluşlary bütin sebitiň zyýanynadyr diýip sözlerine goşdy.

Kataryň emiri Tamim Bin Hamad Al-Sani hem bu söhbetdeşlikde oraza baýramyny gutlamak bilen bir wagtda Eýran bilen Kataryň gatnaşyklaryny taryhy gatnaşyklar hasaplamak bilen Kataryň gurşalmagynyň garşysynda Tehranyň boluşyndan gadyrdanlyk bildirmek bilen Doha hiç haçan Tehranyň bu oňyn boluşyny unutmaz diýdi.