Jun 14, 2019 20:14 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami: Eýran milleti basyş astynda asla gepleşik geçirmez

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Seýed Ahmad Hatami , Amerika bilen gepleşik geçirilmeginiň hiç bir peýdasy ýokdyr we Eýranyň milleti ykdysady gysyşlaryň astynda asla gepleşik geçirjek däldir diýdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Seýed Ahmad Hatami , Amerikanyň, Eýran bilen gepleşik geçirmek baradaky arzusyny özi bile göre äkitjekdigini nygtap, Amerikaly häkimler we şerçilik edýän Donald Tramp, Jon Bolton we Maýk Pompeo dogry adam däldirler, Amerikanyň Eýran bilen gepleşik geçirmäge taýýarlygy baradaky toslama, uly ýalandyr, onäme Tramp, Eýrany gepleşikler stolyň başyna tarap çekmegi bilen , olda prezident saýlawlaryň bosagasynda ses gazanmagynyň yzyndadyr diýdi.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Seýed Ahmad Hatami , Eýranyň ýadro meselesinde geçirlen gepleşiklerdäki tejribäni gaýtalamajakdygyny nygtap , yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abeniň duşuşygynda aýdan gürrüňleri , akyl-paýhasly we hüşgärlik ýüzünden bolandyr we Amerikanyň prezidentiniň iberen sargydynyň ret edilmegi bir hili Trampyň harlanylmagy boldy diýip sözlerine goşdy.

Tags