Ruhani: Amerika, sebit we dünýäniň durnuklylygyna çynlakaý howpdyr
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani, Amerika, ykdysady , maliýe we harby mümkinçiliklerinden haýyrlanyp hüjümçiler ýaly boluşy bilen sebit we dünýäniň durnuklylygyna çynlakaý howp bolandyr diýdi.
Hasan Ruhani, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň başlyklarynyň 19-njy döwür oturylyşyklarynda beren gürrüňlerinde ekstremizm, birtaraplaýyn ýörelge we sebitaşa ýurtlaryň beýleki ýurtlaryň içeri işlerine gatyşmagy, halkara köpçüligini howply ýagdaýa salandyr, bu zat bolsa bütin ýurtlarynyň durnuklylyk, howpsuzlyk we bähbitlerine howply bolup bilýändir diýdi.
Ruhani, Eýranyň Yrak we Siriýa ýurtlarynda terrorçy DAEŞ toparyna garşy söweşenligini ýatlara berip Eýran, Yrak bilen Siriýada ýaraş üçin uruşdy, Owganystanda ekstremizme garşy göreşilmeginde Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edilmeginde oňyn roly oýnady we indi Ýemende hem ýaraşyň berkarar bolmagy üçin hiç bir tagalladan gaýra däldir diiýp sözlerine goşdy.