Mertebesi belent ýolbaşçy: Kürdüstanda şehit bolmak köpräk jan aýamazlyk bilen hemra bolandyr
(last modified Thu, 20 Jun 2019 11:45:50 GMT )
Jun 20, 2019 16:45 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi belent ýolbaşçy: Kürdüstanda şehit bolmak köpräk jan aýamazlyk bilen hemra bolandyr

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameneýi Hezretleri Eýranyň kürd söweşijileri daşary duşman bilen söweşmek bilen bir wagtda ynkylaba garşylaryň hem öňünde durandyrlar oňa görä Kürdüstanda şehit bolmak köpräk jan aýamazlyk we çynlakaý jihad bilen hemra bolandyr diýdiler.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameneýi Hezretleri Kürdüstan welaýatyny 5400 şehidiniň ýatlama kongresiniň işgärleri bilen geçiren duşuşygynda Kürdüstan ilatynyň ýene bir artykmaçlygy kowmy we mezhebi pitneleri güýçden düşürmekleridir diýmek bilen kowmyýet döregeýliligi babatly Eýran taýsyzdyr we dürli kowmyýetler uly Eýranyň astynda birek-biregiň ýanynda ýaşap ýörändirler diýip beýan etdiler.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda duşmanlar trubaşdan mezhebi we kowmy agzalalyklaryň odyny ölçerip yslam respublikasyny şowsuzlyga uçratmaga synanyşdylar emma Kürdüstan we günbatar Azerbaýjan welaýatlaryndaky mömin we hüşgär adamlar bu pitnäniň odyny söndürmek we ynkylaba hyzmat etmek bilen duşmany näumyt edendirler diýip beýan etdiler.

Eýranyň yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameneýi Hezretleri şeýle-de yslam ynkylabynyň düýbini tutmak we ony ösdürmek ugurda edilen tagallalary ilat ylaýtada ýaş nesili bilmelidirler diýip sözüne goşdylar.

Tags