Eýranyň prezidenti we ýoldaşlary dikuçar heläkçiliginde şehit boldular
(last modified Mon, 20 May 2024 04:45:24 GMT )
May 20, 2024 09:45 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti we ýoldaşlary dikuçar heläkçiliginde şehit boldular

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Aýatolla Seýid Ebrahim Raisi, halka hyzmat etmek ugurdal alyp barýan işleriniň gidişinde Gündogar Azerbaýjanyň "Warzaghan" sebitinde dikuçar heläkçiligine uçrap şehit boldy.

Eýranyň tele-radio habar gullugynyň habaryna görä, düýn Gündogar Azerbaýjana "Hoda Afarin bendine" baryp görmek we birnäçe milli we welaýat taslamalaryny açmak üçin giden we meşhur Jihadi prezidenti jenap Raisini alyp barýan dikuçar, bu bentden Tabriz zawodyna gidýär emma Amatsyz howa şertleri sebäpli dikuçar heläkçiligine uçrap ýoldaşlary bilen bilelikde şehitlik derejesine ýetýär.

Bu uçar heläkçiliginde jenap "Syed Ebrahim Raisi" prezident we onuň ýoldaşlary Daşary işler ministri jenap "Huseýin Amirabdollahian", Aýatolla Seýid Muhammet Ali Al Haşim "Töwriziň anna güni namazynyň ymamy" Malek Rahmati "gubernatory Gündogar Azerbaýjan we prezidentiň goragynyň başlygy we dikuçaryň uçarmanlary şehit boldular.

Bu heläkçilikden soň döwlet topary adatdan daşary ýygnak geçirdi.

Hökümet delegasiýasy Eýranyň beýik we wepaly halkyna şehit bolan prezidentiň jesedi we oňa ýoldaş bolan şehitler bilen hoşlaşyk dabarasynyň takyk wagty we ýeri barada habar berer.

Tags