Zarif:Amerikanyň ykdysady terrorizminiň garşysynda durmakda Eýran haklydyr
Eýranyň daşary işler ministri ýadro ylalaşygyň çarçuwasynda Amerikanyň ykdysady terrorizminiň garşysynda öz hak hukukyny goramakda Eýran haklydyr we her mahal islese bu hakdan peýdalanyň biler diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün özüniň Twitter sahypasynda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky borçlarynda tapylmakda Eýranyň Ýewropalylara beren 60 günlük möhletiniň gutarandygyna yşarat edip Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň 36-nji bendine laýyklykda özüniň bu ylalaşykdaky jogapkärçiliklerini azaltmak ugurda ikinji ädimleri ädip başlandyr diýip ýazdy.
Ýewropanyň 3 ýurdy dimek Fransiýa,Britaniýa we Germaniýa döwletleri öz jogapkärçiliklerine dolanan ýagdaýlarynda Eýran hem dolanar diýip Zarif aýtdy.
Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan soň Ýewropa Bileleşigi we Ýewropanyň 3 ýurdy bu ylalaşygy goramak ugurda peýdaly hereketi etmediler diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif özüniň Twitter sahypasynda ýazdy.