Jul 19, 2019 15:32 Asia/Ashgabat
  • Aragçy Trampyň toslamasyny ret etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Eýranyň uçarmansyz uçarynyň ýere gaçyrylmagy baradaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň toslamasynyň gaýtawulynda Eýranyň uçarmansyz uçary urulyp gaçyrylan däldir diýdi.

Amerikanyň prezidenti Tramp düýn beren gürrüňlerinde Amerikanyň USS Boxer atly harby gämisiniň oňa golaýlan Eýranly uçarmansyz uçary urup gaçyrandygyny toslady.

Trampyň bu toslamasy bir ýagdaýdadyr welim Amerikanyň goranmak ministrligi çykaran beýannamasynda urulyp ýere gaçyrylan bu uçarmansyz uçaryň Eýranly bolmagyna yşarat eden däldir.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçy Trampyň bu toslamasynyň jogabynda Amerikanyň USS Boxer harby gämisi belkide ýalňyşyp Amerikanyň uçarmansyz uçaryny uran bolsun diýip aýdyp geçdi.

şol bir wagtda Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary derejeli metbugat wekili sertip Abulfazyl Şekarçy hem Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň toslamasyny ret etmek bilen Eýranyň bütin uçarmansyz uçarlarynyň özleriniň günlük ýumuşlarynyň bitireni soň sag aman öz bazalaryna dolanyp gelendiklerini yglan etdi.

Tags