Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Dolandyryjy Geňeşiň islendik kararyna derrew jogap berler
(last modified Thu, 14 Nov 2024 11:47:57 GMT )
Nov 14, 2024 16:47 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Dolandyryjy Geňeşiň islendik kararyna derrew jogap berler

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Eýranyň ýadro meseleleri bilen baglanyşykly islendik karar Yslam respublikasynyň haýal etmän jogabyna duçar bolar we Eýranyň basyş astynda bolmazlygy ençeme gezek tejribe bolandyr diýdi.

IRNA-nyň beren habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami penşenbe güni Tähranda Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi bilen duşuşyp we maslahatlaşandan soň, Eýran bilen IAEA-nyň arasyndaky gatnaşyklar elmydama ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasynyň (NPT) esaslaryna esaslanýar we Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy bu meselä aýratyn üns berýär diýip nygtady.

Eslami, Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň hemişe konstruktiw bolandygyny aýtmak bilen, Agentligiň baş müdiri bilen şu günki duşuşyk, ulumsy düzgüniň sionist režimiň genosidini şertsiz goldaýan döwürde, aýratyn-da Ysraýyl režiminiň özüni alyp barşy sebäpli halkara guramalarynyň mertebesine we abraýyna zeper ýetenligi sebäpli möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Eýrana garşy kararyň çykarylmagynyň beýleki tarapa garşy çäre görmek hukugyny tebigy ýagdaýda döredjekdigini görkezmek bilen esasy mesele, Eýrana garşy gapma-garşylyk we karar we bidüzgünçilik ýoly beýleki tarapyndan kabul edilse, oňa jogap berler diýip sözlerine goşdy.