Serdar Dehgan Amerika bilen Britaniýa duýduryş berdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysynyň goranyş işler boýunça geňeşçisi Britaniýanyň Hormoz Bogazynda huzurly bolmagynyň we Amerikanyň harby uruşy başlamagynyň yzygelimleri barada duýduryş berip, Ýemen uruşynyň gutaranlygy barada Arabystan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň aýtýan gürrüňleri olaryň ýeňilmekleriniň alamatydyr diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Serdar Sertip Hosein Dehgan Aljazire kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Pars Aýlagynda Ýewropa ýurtlaryň gämilerine hemaýat bermekde borçly edilýän deňiz güýjüň guralmagy barada Londonyň Ýewropa ýurtlaryna beren hödürine gaýtawul berip Hormoz Bogazynda her hili üýtgeleňlik döredilmegi howply çaknyşygyň bolaýmak ýolyny açýandyr diýdi.
Eýranyň öňki goranmak ministri şeýle-de Amerikanyň sebitde dartgynlylyk döretýän syýasatyna hem yşarat edip Eýran hiç bir ýagdaýda Tramp bilen gepleşik geçirjek däldir şeýle halda Trampyň uruş barada haýbat atmagy ilaty aldamakdyr , egerde Amerika uruşmak üçin tutum tutsa ,sebitde Amerikanyň bütin bazalary we härby bähbitleri nyşana alynjakdyr diýip nygtap geçdi.