Jahangiri:Tehran Pekin bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge berk yrada gulluk edýändir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5648-jahangiri_tehran_pekin_bilen_gatnaşyklaryny_ösdürmäge_berk_yrada_gulluk_edýändir
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eýranyň Hytaý bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmek üçin berk yrada gulluk edýänligini nygtady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 29, 2019 16:36 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri:Tehran Pekin bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge berk yrada gulluk edýändir

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eýranyň Hytaý bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmek üçin berk yrada gulluk edýänligini nygtady.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri şu gün Tehranda Hytaýyň häkim partiýasynyň halkara işler boýunça ministri Song Tao-nyň duşuşygynda dürli ugurlarda iki ýurdyň ýakyn garaýyşlaryna we gowy gatnaşyklaryna salgylanyp Eýranyň öz gazyny Pakistanyň topragy üstünli Hytaýa eksport etmäge taýýarlygyny yglan etdi.

Jahangiri şeýle-de Amerikanyň basyşlaryna we amala aşyrýan gadaganlyklaryna garamazdan çydam ykdysadyýeti nä-hilli Eýranda sosial we ykdysady durnuklylygy berkarar edip başardy diýip Song Tao-nyň beren soragynyň jogabynda çydam ykdysadyýetiň tutuş syýasatlary ýurduň içriki ukyplaryna,goňşy we Hytaý ýaly dost ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmeklige we nebitden hasyl bolýan gazançlara bolan mätäçligi azaltmaklyga daýanýandyr diýip beýan etdi.

Jahangiri şeýle-de Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky öz jogapkärçiliklerini azaltmagyna yşarat edip Eýranyň ýadro ylalaşygynda öz borçlarynda tapylşy ýaly beýleki taraplar hem öz borçlarynda tapylmalydyrlar diýdi.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary sözüniň dowamynda sebitde terrorçy toparlar şol sanda DAEŞ terrorçylary bilen göreşmekde Eýranyň täsirli rolyna yşarat etmek bilen Amerika terrorçy DAEŞ toparyny Siriýadan Owganystana geçirmegiň yzyndadyr bu bolsa howply işdir oňa görä bu hereketiň öňünde durulmalydyr diýdi.

Hytaýyň häkim partiýasynyň halkara işler boýunça ministri Song Tao hem bu duşuşykda Hytaýyň Eýran bilen ýakyn we strategik gatnaşyklary saklaýandygyny aýtmak bilen Pekin ýadro ylalaşygy barada Eýranyň aladalaryny düşünýändir diýip sözüne goşdy.