Larijani: Eýran bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi dünýä parahatçylygynyň bähbidinedir.
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Tehran-Pekiniň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, bütindünýä ýaraş we howpsuzlyga peýdaly wasp edip Eýranyň Yslam Şura mejlisi bu iki ýurdyň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hemaýatçysydyr diýdi.
Ali Larijani şu gün Tehranda Hytaýyň komonist partiýasynyň halkara işler boýunça ministri Suň Tao-nyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Hytaýyňgeňeşmeleri we käbir dost ýurtlaryň hem hemralyk etmekleri Amerikanyň duşmançylyklaryny suwa döküp bilýändir diýdi.
Larijani, birnäçe wagt mundan ozal Hytaýa eden saparyna yşarat edip şol saparda Hytaýyň jogapkärleri bilen geçiren duşuşyklarda olaryň Eýran bilen Htaýyň gatnaşyklarynda täze bab açylmagyna ykjam bolýandyklary belli bolandyr diýip sözlerine goşdy.
Suň Tao hem sebit we halkara derejesindäki çylşyrymly özgerişlere yşaratedip iki ýurdyň möhüm ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegini nygtady,.