Amir Abdollahiýan:Eýranyň hütdämenliklerini azaltmagy Tramp döwletiniň akla laýyk gelmeýän syýasatlarynyň netijesidir
(last modified Wed, 31 Jul 2019 13:28:09 GMT )
Jul 31, 2019 18:28 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahiýan:Eýranyň hütdämenliklerini azaltmagy Tramp döwletiniň akla laýyk gelmeýän syýasatlarynyň netijesidir

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro ylalaşygyndaky hütdämenliklerini azaltmagynyň sebäbi Amerikanyň durmuşky döwletiniň akla laýyk gelmeýäm syýasatlarynyň netijesidir diýdi.

mejlisiň habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan düýn Tehranda Hindistanyň media serişteleriň bir topary bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykyp öz ykraryndan dänmegi hemde günbataryň ýadro ylalaşygy barada täsirli hereket etmezligi bilen Eýran bu ylalaşyk esasyndaky jogapkärçiliklerini azaltjakdyr diýdi.

Hoseýin Amir Abdollahiýan sözniň dowamynda basylyp alynan Kudus şäherinde Palestina ilatynyň öýlerini ýykyp ýumurmakda Sionist režiminiň amala aşyran işlerini ýazgarmak bilen Sionistler sebit ýurtlary ejizletmegiň yzyndadyrlar diýdi.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdollahiýan şeýle-de Eýran bilen Hindistanyň gadymdan gelýän gowy gatnaşyklaryna yşarat edip iki ýurt öz ukyplaryna daýanyp iki taraplaýyn gatnaşyklaryna badalga berip biljekdirler diýip sözüne goşdy.

Tags