Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Orsýetiň başlyklarynyň üçtaraplaýyn maslahaty başga wagta goýuldy
Eýranyň prezidentlik gullugynyň aragatnaşyklar we maglumat ýetiriş işleri boýunça orunbasary üçtaraplaýyn Soçi maslahatynyň başga bir amatly wagta goýulmagy barada Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Orsýetiň başlyklarynyň karara ýetendiklerini yglan etdi.
şu gün Eýranyň prezidentlik gullugynyň aragatnaşyklar we maglumat ýetiriş işleri boýunça orunbasary Parwiz Esmaeili erti çarşenbe güni geçirilmeli bolan üçtaraplaýyn Soçi maslahaty tehniki sebäpler babatly yza oklananlygyny habar berdi.
Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Orsýetiň ykdysady ugurlardaky bilelikdäki hyzmatdaşlyklaryny ösdürilmegi barada pikir alyşmak şeýle-de aragatnaşyklar boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi Soçi şäherinde Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Orsýetiň başlyklarynyň geçirjek üçtaraplaýyn maslahatynyň möhüm özenini ybaratlajakdyr.