Larijani:musulman ýurtlary bölmek ugurdaky Sionist režiminiň mekirli hereketi şowsuzlyga uçrandyr
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Liwanyň 33 günlük söweşinde bu ýurduň Hizbollah hereketiniň ýeňiş gazanmagynyň ýylygyny gutlamak bilen musulman ýurtlarybölmek ugurdaky Sionistleriň pitneleri şowsuz bolandyr diýdi.
şu gün Eýranyň mejlis Başlygy Ali Larijani Liwanyň mejlis başlygy Nabih Beri hem-de bu ýurduň Hibollah hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrollaha ýollan aýry aýry sargytlarynda Liwanyň 33 günlük söweşinde Kudusy basyp alan Sionist režimiň ýeňilmezlik ertekisiniň puja çykandygyna yşarat edip bu ýeňiş Hizbollah hereketiniň söweşijileriniň jan aýamazlyklarynyň,
jihatlarynyň,iman gudratynyň we çydam akymynyň ýolbaşçylygynyň öňden görejiliginiň netijesidir diýip yglan etdi.
Larijani şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Sionist režiminiň garşysynda çydan akymyny goldaýanlygyny ýene bir gezek yglan etmek bilen asryň söwdasy atly taslama hiç haçan amala aşmaz we Sionist basyp alyjylaryň arzuwlaryny üpjün edip başarmaz diýip beýan etdi.
2006-nji ýylyň 12-nji Iýulynda Sionist režimiň goşuny bilen Liwanyň Hizbollah hereketiniň arasynda ýüze çykan 33 günlük uruş şol ýylyň 14-nji Awgustynda Hizbollah hereketiniň ýeňiş gazanmagy bilen soňlady.