Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Zarif bilen duşuşdy
(last modified Sat, 17 Aug 2019 13:20:47 GMT )
Aug 17, 2019 18:20 Asia/Ashgabat
  • Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň orunbasary Zarif bilen duşuşdy

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň orunbasary MORI Takeo duşuşyp gürrüň etdiler.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarif Tehranda Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň orunbasary MORI Takeo bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň gowy gatnaşyklaryna şeýle-de ýaponiýanyň premýer ministrniň Tehrana möhüm we taryhy sapary edip Yslam Ynkylabynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygyna yşarat edip ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebit meseleleri barada ýaponiýa bilen geçirilýän geňeşleriň dowam edilmegini garşy aldy.

Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň orunbasary MORI Takeo hem Eýranyň daşary işler ministri Muhammet jawad zarifiň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi bilen geçiren oňyn gepleşiklerine yşarat edip Ýaponiýa, Tehran bilen saklaýan gatnaşyklaryna we geçirýän geňeşleriniň dowam etmegine köp ähmiýet berýär diýdi.