Eýran bilen Ýaponiýanyň 26-njy syýasy gepleşikleri geçirildi
(last modified Sat, 17 Aug 2019 15:34:31 GMT )
Aug 17, 2019 20:34 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Ýaponiýanyň 26-njy syýasy gepleşikleri geçirildi

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli orunbasary 26-njy döwür syýasy gepleşikleriniň çarçuwasynda ýadro ylalaşygy we sebitiň özgerişleri barada pikir alyşdylar.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary  Seýed Abbas Aragçi bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli orunbasary MORI Takeo Tehranda geçiren duşuşyklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ýadro ylalaşygym Parsa Aýlagy we Aziýanyň günbatar sebitleriniň özgerişleri barada gürrüň etdiler.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary  Seýed Abbas Aragçi bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministrniň ýokary derejeli orunbasary MORI Takeo bu duşuşykda soňky wagtlarda ýaponiýanyň premýer ministrniň Eýrana gurnan saparynyň ähmiýetine yşarat edip iki ýurdyň arasynda ýokary syýasy geňeşmeleriň dowam etdirilmegine ykjamdyklaryny yglan etdiler.

Eýran bilen Ýaponiýanyň öňki döwür syýasy gepleşikleri 2018-nji ýylyň mart aýynda Tehranda geçirlipdi.