Amir Abdollahiýanyň Tehranda Orsýetiň we Siriýanyň ilçileri bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5787-amir_abdollahiýanyň_tehranda_orsýetiň_we_siriýanyň_ilçileri_bilen_duşuşygy
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Tehranda Orsýetiň we Siriýanyň ilçileri bilen geçiren duşuşygynda sebitleýin we halkara möhüm meseleler barada gürrüň etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 20, 2019 11:55 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahiýanyň Tehranda Orsýetiň we Siriýanyň ilçileri bilen duşuşygy

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Tehranda Orsýetiň we Siriýanyň ilçileri bilen geçiren duşuşygynda sebitleýin we halkara möhüm meseleler barada gürrüň etdi.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýn Amir Abdollahiýan Orsýetiň Tehrandaky ilçisi Lewan Jagariýanyň duşuşygynda iki ýurduň dürli örilerdäki şol sanda parlament,syýasy we ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna yşarat edip Tehran-Moskwanyň gowy parlament gatnaşyklarynyň ähli örilerde iki taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin mynasyp pursaty döredendigini nygtady.

Amir Abdollahiýan şeýle-de Amerikanyň sebit we jahanda ýola berip duran bikanun işlerine salgylanyp Waşingtonyň bu bikanun işleriniň dünýäde terrorizmiň we ekstremizmiň ösmegine sebäp bolanlygyny aýtdy.

Jagariýan hem iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini garşy alyp Ýemeniň we Keşmiriň dartgynlylygynyň syýasy ýoldan çözülmegini nygtady.

Amir Abdollahiýan şeýle-de Siriýanyň Tehrandaky ilçisi Adnan Hasan Mahmudyň duşuşygynda Eýranyň Siriýanyň hemme taraplaýyn goldaýanlygyny aýtmak bilen Eýran sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny hem-de ýurtlaryň toprak bitewiliginiň goralmagy baradaky syýasatyna ykrarlydyr diýdi.

Siriýanyň Tehrandaky ilçisi Adnan Hasan Mahmut hem bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň duşmanlaryň garşysynda özüniň strategik öňüni alyş syýasatlary bilen özüniň hoş niýetlidigini jahanlylara subut edendigine yşarat edip Amerikanyň Eýranyň tersine ýola berip duran ykdysady terrorizmi şowsuzlyga uçrandyr we onuň garşysynda Eýran dürli ugurlarda gowy üstünlikleri el-gerendir diýdi.