Zarifiň Fransiýa gurnan saparynyň maksady syýasy geňeşleriň dowam etdirilmegidir
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri özüniň Fransiýa gurnan saparynyň maksadyny Tehran bilen Parižiň arasyndaky syýasy geňeşleri dowam etmeklik bildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif düýn ikindin Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Ywes Le Derianyň çakylygy bilen 7-ler toparynyň başlyklar maslahatynyň geçirilen şäheri bolýan Biarrtiz-da bu ýurduň prezidenti Emanuel Makeron bilen hem-de daşary işler ministri Le Derian bilen duşuşyp gürrüň etdi.
şu gün Hytaý ýurduna sapar eden Zarif Pekiniň howa menzilinde beren gürrüňlerinde özüniň Fransiýa gurnan saparynyň ähmiýeti barada gürrüň gozgap bu saparyň Eýran bilen Fransiýanyň syýasy geňeşmeleriniň dowamynda bu ýurduň daşary işler ministrniň çakylygy esasynda amala aşandygyny nygtady.
Zarif şeýle-de geçen Ana güni hem Parižda Fransiýaly resmiler bilen duşuşyp dürli meseleler barada gürrüň edendigine yşarat edip käbir meseleler şol sanda nebit we bank meseleler barada köpräk geňeşler gereklidir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bu saparynda Germaniýanyň we Britaniýanyň wekilleri bilen hem duşuşandyr.