Zarif:Eýran bilen Hytaýyň gatnaşyklary hemmetaraplaýyndyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5837-zarif_eýran_bilen_hytaýyň_gatnaşyklary_hemmetaraplaýyndyr
Eýranyň daşary işleri Muhammet Jawad Zarif şu gün Pekinde Hytaýyň daşary işler ministri Wang Yi bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň energiýa,ykdysady,syýasy we medeni ugurlarda saklaýan arkalaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 26, 2019 17:28 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýran bilen Hytaýyň gatnaşyklary hemmetaraplaýyndyr

Eýranyň daşary işleri Muhammet Jawad Zarif şu gün Pekinde Hytaýyň daşary işler ministri Wang Yi bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň energiýa,ykdysady,syýasy we medeni ugurlarda saklaýan arkalaşyklarynyň ösdürilmegini nygtady.

Eýranyň daşary işler ministri bilen Hytaýyň daşary işler ministri şeýle-de halkara,sebit we iki taraplaýyn meseleler barada gürrüň etdiler.

Hytaýyň daşary işler ministri Wang Yi bu duşuşykda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna Pekiniň hemaýat berýändigini yglan edip Hytaý bu ylalaşygy goramak ugurda şeýle-de özüniň Eýran bilen saklaýan arabaglanşyklaryny ösdürmek ugurda özüniň taýýardygyny yglan edýär diýip beýan etdi.

Zarif bilen Wang Yi şeýle-de şu gün geçiren bu duşuşyklarynda sebitleýin meseleler şol sanda Owganystanyň soňky özgerişleri barada pikir alyşdylar.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün bir topara baştutanlyk edip Hytaý resmileri bilen gürrüň etmek üçin Pekine sapar etdi.Zarif Hytaýdan soň Ýaponiýa we Malaýziýa ýurtlaryna sapar etjekdir.