Tehraniň juma namazynyň hutbalary
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla seýed Ahmad Hatami dünýäni eziji gudratlaryň gurşap alan häzirki zamanynda ýaragsyz bolup bolmaz diýmek bilen AK Tamyň resmilerini owkydan alyp galýança Eýran raketalarynyň kuwwatlylygyny artdyrjakdyr diýip yglan etdi.
şu gün Aýatolla Seýed Ahmad Hatami Tehraniň juma namazynyň hytbalarynda beren gürrüňlerinde duşmanlara garşy göreşmek üçin Eýran ýaragly we kuwwatly bolmalydyr diýmek bilen Eýranyň kuwwatlylygy duşmanlaryň kuwwatlylygyndan parh edýändir sebäbi duşmanlaryň kuwwatlylygy elgatyjylyk ugurdadyr emma Eýranyň kuwwatlylygy goranyş çäreler esasyndadyr diýip beýan etdi.
Aýatolla hatami sözüniň dowamynda bir wagtda Sionist režimi atly bir däliniň nädogry herekete baş goşan ýagdaýynda telawiw bilen Hifani tep-tekiz etmek üçin Eýran raketa tehnologiýasy ugurdaky hereketlerini dowam etdirjekdir diýip nygtady.
Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla seýed Ahmad Hatami şeýle-de Kudus şäherini Sionist režimiň paýtagty höküminde ykrar etmegi baradaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň tutan tutumyny ýazgaryp Trampyň bu hereketi diňe yslam dünýäsiniň dälde eýsem Waşingtonyň ýaranlarynyň hem nägileliklerini öz yzyna tirkändir diýip beýan etdi.