Garib Abadi: Eýran goňşylary bilen iň oňat gatnaşyklary isleýändir
Wena şäherinde ýerleşen halkara guramalardaky Eýranyň ilçisi we mydamlyk wekili Kazem Garib Abadi Eýran Yslam respublikasy Pars Aýlagyndaky goňşy ýurtlary bilen iň oňat gatnaşyklaryň yzyndadyr we gepleşikler baradaky teklipleri garşylaýar diýip yglan etdi.
Al-alam tele ýaýlymyň beren habaryna görä Wena şäherinde ýerleşen halkara guramalardaky Eýranyň ilçisi we mydamlyk wekili Kazem Garib Abadi şu wagta çenli Eýran Yslam Respublikasy dürli teklipleri şol sanda sebitleýin gepleşikler ýygnagy hemde sebit ýurtlarynyň birek-birege garşy el gatmakdan saklanmak baradaky ylalaşyga gol çekilmegini teklip edendir diýip beýan etdi.
sebitiň käbir ýurtlary şol sanda Arabystan bilen Birleşen Arap Emirlikleri öz hökümetleriniň dowamyny sebitde uruş we dawa turuzmakda bilýärler we öz kemçilikleriniň ýerini doldurmak üçin öz ilatyna daýanmagyň ýerine ýarag bejerýän ýurtlara daýanýandyrlar diýip Wena şäherinde ýerleşen halkara guramalardaky Eýranyň ilçisi we mydamlyk wekili Kazem Garib Abadi nygtap geçdi.