hojjatolyslam Abutorabi Fard:sebitiň çydamy Aşuradan göz baş alýandyr
Tehranyň juma namazynyň hatyby eziji döwletleriň garşysynda Liwan,Siriýa,Yrak,Bahreýn we Ýemen ilatlarynyň durmaklaryna yşarat edip sebit ilatynyň özlerinden görkezýän çydamy Aşura mektebinden göz baş alýandyr diýip beýan etdi.
hojjatolyslam seýed Muhammet Abutorabi Fard şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde yslam ynkylaby geçen 40 ýyllykda Aşura medeniýetine eýerip ägirt üstünlikleri elgerendir diýmek bilen Aşura mektebi çydamlylygyň,durumlylygyň we ägäligiň sapaklaryny berip adamzat köpçüliginiň häzirki medeniýetini üstünlik,çydam we ynkylabçy medeniýete öwürendir diýip nygtady.
hojjatolyslam seýed Muhammet Abutorabi Fard musulmanlar öz duşmanlaryny tanamalydyrlar diýmek bilen Amerika bilen beýleki eziji döwletler çydam toplumynyň üstünliklerinden howatyrlanýandyrlar diýip beýan etdi.
Tehranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Amerikanyň Eýranyň tersine ýola berip duran zalymlykly gadaganlyklaryna yşarat edip Eýran Aşuradan sapak alyp Günbataryň bu ykdysady uruşynda hem üstünlik gazanjakdyr diýip ynam bildirdi.