Ruhani: Tehran-Ankaranyň dostlukly gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarapdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5980-ruhani_tehran_ankaranyň_dostlukly_gatnaşyklarynyň_ýüzi_ösüşe_tarapdyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran-Ankaranyň köpugurly dostlukly gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarapdyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 16, 2019 21:06 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Tehran-Ankaranyň dostlukly gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarapdyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran-Ankaranyň köpugurly dostlukly gatnaşyklarynyň ýüzi ösüşe tarapdyr diýdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani Ankarada  Eýran, Orsýet we Türkiýäniň başlyklarynyň 3 taraplaýyn maslahatynyň ýanynda türk kärdeşi rejep Taýyp Ärdogan bilen bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň köp ýagdaýlarda birek-biregiň ýanynda bolanlygyny aýdyp kynçylyklara garamazdan Eýran bilen Türkiýe döwletleri köpugurly ykdysady gatnaşyklaryny dowam etjekdirler diýip yglan etdi,

prezident Hasan Ruhani sözüniň dowamynda milli pullar esasynda Eýran bilen Türkiýäniň söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi iki ýurdyň ykdysady gatnaşykjlaryna badalga berjekdir diýmek bilen bilelikdäki proýektleri amala aşyrmak ugurda Eýran Yslam respublikasy Türkiýäniň maýagoýujylaryny we hususy bölümini garşylaýar diýip yglan etdi.

Rejep Taýyp Ärdogan hem bu duşuşykda iki ýurdyň dostlukly gatnaşyklaryna yşarat edip milli pullar esasynda iki ýurdyň arasyndaky söwdalaşyk göze ilerli ösendir diýip nygtady.