Sep 17, 2019 14:03 Asia/Ashgabat
  • beýik liderimiz:Amerika bilen hiç bir derejede gepleşik geçirilmez

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Amerikalylar bilen gepleşik geçirmek meselesiniň ýene bir gaýtar öňe sürülmegine yşarat edip Eýran resmileri bir agyz Amerika bilen hiç bir derejede gepleşigiň geçirilmezligine ynamlydyrlar diýip beýan etdi.

Aýatollah Hameneýi hezretleri şu gün ylmyýe mekdebiniň täze okuw ýylnyň başynda beren gürrüňlerinde Amerikalylaryň Eýran bilen gepleşik geçirmek meselesini yzarlamaklarynyň maksadyny Waşingtonyň Tehrana garşy ýola berip duran hetden-aşa basyşlarynyň täsirini subut etmeklik bilip Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola berip duran çende-aşa basyş syýasatynyň hiç täsiri ýokdyr diýip nygtadylar.

mertebesi belent ýolbaşçysy Amerikalylaryň Eýran bilen gepleşik geçirmek barada öňe sürýän dürli pozisiýalaryna yşarat edip olar kä mahal şertsiz gepleşik geçirmekden gürrüň gozgaýarlar we kä mahal hem 12 şerti öňe sürýärler bu gürrüňler megerde olaryň başlarynyň çaşandygyny ýogsada garşy tarapy baş çaşgynlyga duçar etjek bolýandyklaryny görkezýändir emma bu gürrüňler bilen Eýran Yslam Respublikasynyň başy çaşmaz sebäbi biziň ýolumyz aýdyňdyr we näme edýändigimizi bilýändiris diýip sözlerine goşdy.

gowsy Amerikalylar bu hilli söhbetdeşlikler üçin özleriniň süýtli sygyrlar höküminde bolan taraplara ýüz tutsynlar Eýran Yslam Respublikasy möminleriň respublikasy,Allaha musulman bolanlaryň respublikasy we baş ýokarylygyň respublikasydyr diýip Aýatollah Hameneýi hezretleri aýtdylar.

Amerika öz raýyndan gaýdyp toba etse we özüniň bozan ýadro ylalaşygyna dolansa şol zamanda bu şertnamanyň bir agzasy höküminde Eýran bilen gepleşip biler ýogsa Eýran Yslam Respublikasynyň resmileri hiç bir derejede ne Nýu-Ýorkda we nede başga ýerde Amerikalylar bilen gepleşik geçirmezler diýip Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy belläp geçdiler.

Aýatollah Hameneýi hezretleri geçen 40 ýyllykda Eýran köp hilelere gabat gelendir we duşman eziz Eýrany hiç mahal ýeňip bilen däldirler diýmek bilen geçen 40 ýyllykda duşmanlaryň syýasatlary yzly yzyna Eýranyň syýasatlarynyň garşysynda şowsuzlyga uçrandyr indiden soň hem Eýran Yslam Respublikasy Allahyň medet bermegi bilen olary ýeňip baş ýokary meýdandan çykjakdyr diýip beýan etdiler

Tags