Seddigi:Eýran milletiniň mukaddis goragy dünýäniň häzirki taryhynda gaty täsirli bolandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6045-seddigi_eýran_milletiniň_mukaddis_goragy_dünýäniň_häzirki_taryhynda_gaty_täsirli_bolandyr
Tehranyň juma namazynyň hatyby el-gatyjy duşmanyň garşysynda Eýran milletiniň ýola beren mukaddis goragyny dünýäniň häzirki taryhynda täsirli bolan mesele bildi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 27, 2019 18:07 Asia/Ashgabat
  • Seddigi:Eýran milletiniň mukaddis goragy dünýäniň häzirki taryhynda gaty täsirli bolandyr

Tehranyň juma namazynyň hatyby el-gatyjy duşmanyň garşysynda Eýran milletiniň ýola beren mukaddis goragyny dünýäniň häzirki taryhynda täsirli bolan mesele bildi.

Hojjatol yslam Kazym Seddigi Tehranyň şu günki juma namazynyň hutbalarynda bern gürrüňlerinde ýurtda mukaddis gorag hepdesiniň başlanmagyna yşarat edip Karbala wakasyndan soň taryhda mukaddis hepdesi ýaly möhüm waka bolan däldir diýip beýan etdi.

Tehranyň juma namazynyň hatyby uruş döwürinde dünýäniň hemme ýurtlary el-gatyjy tarapa hemaýat berýärdiler Eýran goşuny dargap barýardy we Sepah pasdaran güýjüniň hem uruş tejribesi ýokdy diýmek bilen Eýran ilaty Ymam Homeýni(ra) hezretleriň görkezmelerine eýerip 8 ýyllap dünýäniň eziji döwletleriniň garşysynda durmagy başardylar diýip yglan etdi.

Hojjatol yslam Kazym Seddigi sözleriniň dowamynda Aşura günlerini gadyrlap Ymam Hoseýin(as) hezretlerine bildirilýän höwes dünýäniň ýüzünde ýaýbaňlaşyp barýandyr we dürli dinlerden we mezheplerden  20 million adamyňYmam Hoseýin(as)yň gyrkynyň ýol ýöreşine gatnaşmaklary Ymam Hoseýin(as)yň hemmeleri özünden gandarýan bir çeşmedigini subut edýändir diýip beýan etdi.

Tehranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de dünýäniň kä ýurtlarynda mazlumlaryň sütem astynda bolmaklaryna yşarat edip sütem astynda bolan Keşmiriň musulman ilatynyň kynçylyklaryna çäre görmek ugurda içi boş adam hukukyň ýardam etmedik Nigeriýanyň şaýlarynyň,Bahreýnde tutulýan tutumlarda rollary bolmadyk bu ýurduň şaýlarynyň şeýle-de beýleki musulman ýurtlarda we Arabystandaky şaýlaryň kynçylyklaryna çäre görmek ugurda tagalla edilmelidir diýip sözlerine goşdy.