prezident Hasan Ruhani Ermenistana ugrady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6063-prezident_hasan_ruhani_ermenistana_ugrady
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani ýokary derejeli syýasy we ykdysady topara ýolbaşçylyk edip Ýerewana sapar etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 30, 2019 20:32 Asia/Ashgabat
  • prezident Hasan Ruhani Ermenistana ugrady

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani ýokary derejeli syýasy we ykdysady topara ýolbaşçylyk edip Ýerewana sapar etdi.

 Ermenistanyň premýer ministrniň resmi çakylygy boýunça bu ýurda sapar eden Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani , Ýewraziýanyň ykdysady bileleşiginiň başlyklar maslahatynda gürrüň berip bu bileleşik bilen söwda hyzmatdaşlyklaryň edilmegi üçin Eýranyň köp mümkinçiliklerini açyklamakdan aýry , Ermenistanyň premýer ministri we beýleki ýokary derejeli resmileri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirjekdir.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Ermenistana ugramazdan öňürti habarçylaryň arasynda eden çykyşynda Eýran, Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigine birikmek ugrundadyr we Tehranyň bu bileleşige goşulmagy baradaky ylalaşyk oktýabr aýynyň 28-inden ýerine ýetiriljekdir diýdi.