Eýran we onuň töweregindäki sebitler adyndaky halkara konferensiýa Zarifiň beren sargydy
Eýran we onuň töweregindäki sebitler adyndaky halkara konferensiýa Tehranda öz işine başlady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bu konferensiýa beren sargydynda Ortagündogaryň durmuşky iň esasy kynçylygy sebitiň kynçylyklaryny dogry düşünmekdir diýmek bilen nädogry düşünjeler sebit kynçylyklaryny çözmek ugurda nädogry syýasatlaryň ileri sürülimegine sebäp bolýabndyr diýip nygtady.
sebitiň kynçylyklary halkara kynçylyklaryndan gözbäş alýandyr we hatda sebitiň kynçylyklarynyň artmagyna sebäp bolandyr diýip Muhammet Jawad Zarif sözüne goşdy.
Zarif şeýle-de Eýran we onuň töweregindäki sebitler adyndaky halkara konferensiýasy Ortagündogar kynçylyklaryny dogry düşünmäge we sebitde howpsuzlygy berkarar etmäge ýardam etmek maksady bilen geçirilýändir diýip nygtap geçýdi.
Eýran we onuň töweregindäki sebitler adyndaky halkara konferensiýa sebit meseleleri boýunça hünärmenleriň bir toparynyň hemde Eýranyň daşary işler ministrliginiň syýasy we halkara barlaglar gullygynyň hemde Allame TabaTabaýi ýokary okuw jaýynyň gatnaşmaklarynda 3 günläp Tehranda dowam eder.
bu konferensiýa Türkiýe, Türkmenistan, Azerbaýjan respublikasy, Ermenistan , Kuweýt, Şwesiýa, Belgiýa, Germaniýa we Awesteriýa ýurtlaryndan hem jemi 45 myhman gatnaşandyrlar.
Eýran we onuň töweregindäki sebitler adyndaky halkar konferensiýasynda merkezi Aziýa we Kawkaz, Owganystan we Pars Aýalagy baradaky meselelelere garalýandyr.