Ruhani:Amerikanyň Eýran milletine aňyrbaş basyş bermek hilesi şowsyz bolandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6113-ruhani_amerikanyň_eýran_milletine_aňyrbaş_basyş_bermek_hilesi_şowsyz_bolandyr
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň Eýran milletine aňyrbaş basyş bermek syýasaty ýeňilendir diýip beýan etmek bilen ähli neşir bolan sanawlar we Eýran ilatynyň ruhyýalary aňyrbaş basyş bermek döwüriniň täsir galdyrmagynyň gutarandygyny görkezýär diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 09, 2019 21:58 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Amerikanyň Eýran milletine aňyrbaş basyş bermek hilesi şowsyz bolandyr

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň Eýran milletine aňyrbaş basyş bermek syýasaty ýeňilendir diýip beýan etmek bilen ähli neşir bolan sanawlar we Eýran ilatynyň ruhyýalary aňyrbaş basyş bermek döwüriniň täsir galdyrmagynyň gutarandygyny görkezýär diýdi.

prezident Ruhani şu gün döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Eýran ilaty çydam,iş we talaş hem-de pidakärçilik bilen Amerikanyň ykdysady terrorizmini ýeňip başarandyr diýdi.

ruhani şeýle-de duşmanlar Eýran milletiniň gudratyny,sabryny we çydamyny ykrar edendirler diýmek bilen bu günki gün Eýranyň gudratynyň her bir zamandan köpräkdigine şek şübhe bolmaz diýdi.

prezident Ruhani şeýle-de sebitiň özgerişlerine yşarat edip Türkiýe döwleti özüniň günorta serhetleri barada howatyrlanýandyr emma bu howatyrlanmany ýok etmek üçin dogry ýoly saýlamalydyr diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany sözüniň dowamynda Ymam Huseýin(as)yň arbaein myrasymyna yşarat edip Amerikalylar we Sionistleriň ýüreklerinde gorky salýan bu myrasymy gowy şekilinde geçirmekde tagalla edýän Yragyň döwletine we milletine gadyrdanlyk bildirdi.