Eýranyň mejlis wekilleri Türkiýäniň , Siriýanyň çäginde amala aşyran hüjümlerini ýazgardylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6145-eýranyň_mejlis_wekilleri_türkiýäniň_siriýanyň_çäginde_amala_aşyran_hüjümlerini_ýazgardylar
Eýranyň yslam şura mejlisiniň wekilleri bir beýannama boýunça Türkiýäniň , Siriýanyň çäginde amala aşyran hüjümlerini ýazgarmak bilen Eýran mazlumlaryň hemaýatçysydyr diýip nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 14, 2019 20:25 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlis wekilleri Türkiýäniň , Siriýanyň çäginde amala aşyran hüjümlerini ýazgardylar

Eýranyň yslam şura mejlisiniň wekilleri bir beýannama boýunça Türkiýäniň , Siriýanyň çäginde amala aşyran hüjümlerini ýazgarmak bilen Eýran mazlumlaryň hemaýatçysydyr diýip nygtadylar.

Eýranyň yslam şura mejlisiniň wekilleri şu gün bir beýannama çykaryp Türkiýäniň , Siriýanyň topragyna hüjüm etmeginiň garşysynda halkara köpçüliginiň dymyp oturmaklaryny tankyt edip adam hukukyndan arka çykan bolýan döwletleriň şeýle-de Birleşen Miletler Guramanyň parhsyz oturmagy taryhda galjakdyr diýip yglan etdiler.

Eýranyň mejlis wekilleri şeýle-de Siriýanyň parahat kürt ilatyna hemaýat berýändiklerini nygtadylar.

Türkiýäniň goşuny geçen çarşenbe günden bäri Siriýanyň demirgazygyna hüjüm edýändir.