Eýranyň mejlis wekilleri Türkiýäniň , Siriýanyň çäginde amala aşyran hüjümlerini ýazgardylar
Oct 14, 2019 20:25 Asia/Ashgabat
Eýranyň yslam şura mejlisiniň wekilleri bir beýannama boýunça Türkiýäniň , Siriýanyň çäginde amala aşyran hüjümlerini ýazgarmak bilen Eýran mazlumlaryň hemaýatçysydyr diýip nygtadylar.
Eýranyň yslam şura mejlisiniň wekilleri şu gün bir beýannama çykaryp Türkiýäniň , Siriýanyň topragyna hüjüm etmeginiň garşysynda halkara köpçüliginiň dymyp oturmaklaryny tankyt edip adam hukukyndan arka çykan bolýan döwletleriň şeýle-de Birleşen Miletler Guramanyň parhsyz oturmagy taryhda galjakdyr diýip yglan etdiler.
Eýranyň mejlis wekilleri şeýle-de Siriýanyň parahat kürt ilatyna hemaýat berýändiklerini nygtadylar.
Türkiýäniň goşuny geçen çarşenbe günden bäri Siriýanyň demirgazygyna hüjüm edýändir.
Tags