Zarif: Eýran, Hytaý bilen saklaýan gatnaşyklaryny strategik bilýär
sebitiň özgerişleri barada barada geňeşmek üçin Tehrana sapar eden Hytaýyň, Aziýanyň günbatar işleri boýunça ýörite wekili Zhai Jun Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşyp gürrüň etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Hytaýyň, Aziýanyň günbatar işleri boýunça ýörite wekili Zhai Jun bu duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitiň möhüm meseleleri barada gürrüň edendirler. Zarif bu duşuşykda Yslam Eýranyň prezidentiniň Hormoz-iň ýaraş çäresi adyndaky ileri üren taslamasyna yşarat edip we Eýran Yslam respublikasynyň Hytaý bilen saklaýan gatnaşyklaryny strategik gatnaşyklar bilýändigini nygtap sebitde ýaraş we durnuklylygyň berkarar bolmagyna kömek etmekde Hytaýyň täsirli rol oýnamagyny garşy aldy.
Hytaýyň, Aziýanyň günbatar işleri boýunça ýörite wekili Zhai Jun hem bu duşuşykda Hytaý, Aziýanyň günbatar sebitinde ýaraş we durnuklylygyň berkarar bolmagyna ähmiýet berýär we şu ugrda Eýran bilen geçirýän geňeşlerini dowam etmeklige ykjam bolýar diýdi.