Musawi:Eýran Siriýanyň toprak bitewiliginiň goralmagyny nygtaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6225-musawi_eýran_siriýanyň_toprak_bitewiliginiň_goralmagyny_nygtaýar
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Siriýanyň demirgazyk serhetleri barada Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda ele gelen ylalaşyga yşarat edip Eýran Siriýanyň toprak bitewiligine we milli häkimiýetine ýardam edýän her bir işden arka çykýandyr diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 23, 2019 13:25 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Eýran Siriýanyň toprak bitewiliginiň goralmagyny nygtaýar

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Siriýanyň demirgazyk serhetleri barada Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda ele gelen ylalaşyga yşarat edip Eýran Siriýanyň toprak bitewiligine we milli häkimiýetine ýardam edýän her bir işden arka çykýandyr diýip yglan etdi.

Orsýet bilen Türkiýäniň prezidentleri Orsýetiň Soçi şäherinde Siriýanyň demirgazygynyň howpsuzlyk ýagdaýy barada 10 maddaly bir ylalaşyga gol çekdiler şonuň esasynda taraplar Siriýanyň toprak bitewiligini nygtamak bilen Kürt güýçleriň Siriýanyň Manbaj bilen Tal Rafat şäherleriniň arasyndan çykmaklary barada ylalaşdylar.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün bu ylalaşyk barada beren gürrüňlerinde Eýran Siriýanyň demirgazygyndaky çaknyşyklara soň bermek ugurda Türkiýe bilen Orsýetiň ýeten bu ylalaşygyny bir peýdaly hereket bilýär diýip yglan etdi.

bu ylalaşygyň bir tarapdan Türkiýäniň howpsuzlyk howatyrlanmalaryny aradan aýyryp bilmegini aýry bir tarapdan hem Siriýanyň milli häkimiýetini kuwwatlandyryp toprak bitewiligini gorap bilmegini umyt edýäris diýip Musawi sözlerine goşdy.