Musawi: Albagdadynyň heläk bolmagy bilen DAEŞ-iň ideýasy ýogalan däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6265-musawi_albagdadynyň_heläk_bolmagy_bilen_daeŞ_iň_ideýasy_ýogalan_däldir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi terrorçy DAEŞ toparynyň serkerdesi Abubak Albagdadynyň heläk bolanlygy baradaky habara gaýtawul bermekde Abubekr Albagdadynyň ölmegi bilen DAEŞ-iň ideýasy ýogalan däldir we şeýle ideýa henizem bardyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 28, 2019 20:03 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Albagdadynyň heläk bolmagy bilen DAEŞ-iň ideýasy ýogalan däldir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi terrorçy DAEŞ toparynyň serkerdesi Abubak Albagdadynyň heläk bolanlygy baradaky habara gaýtawul bermekde Abubekr Albagdadynyň ölmegi bilen DAEŞ-iň ideýasy ýogalan däldir we şeýle ideýa henizem bardyr diýdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp düýn eden çykyşynda terrorçy DAEŞ toparyň serkerdesiniň Siriýanyň demirgazyk günbatarynda heläk bolanlygyny habar berdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi habarçymyz bilen söhbetdeş bolanda DAEŞ bilen Abubekr Albagdadynyň we sebitde terrorçy toparlaryň başynda bolçan adamlaryň döwürleriniň bolýandyklaryny aýdyp her haçanda olaryň döwürleri gutarsa olar ýogaljakdyrlar, DAEŞ ,terrorçylykly pikir, firkaçyllyk işler we gatygidijilik hemişe Amerika ýaly ýurtlaryň ellerinde bir abzal bolandyrlar diýip sözlerine goşdy.