Eýran bilen Kataryň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Eýran bilen Kataryň daşary işler ministrleri Duha-da Mýunheniň sebitleýin howpsuzlyk konferensiýasynyň ýanynda duşuşyp gürrüň etdiler.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Abdulrahman Al-Sani şu gün Duha-da geçiren ýaňky duşuşyklarynda iki taraplaýyn şeýle-de sebitiň möhüm meseleleri barada pikir alyşyp berişdiler.
şol bir wagtda Mýunheniň sebitleýin howpsuzlyk konferensiýasy Kataryň emiriniň hem-de dünýäniň bir näçe ýurdunyň syýasy we howpsuzlyk resmileriniň gatnaşmaklarynda Kataryň paýtagty Duha-da geçirilip başlandy.Eýranyň daşary işler ministri Zarif bu konferensiýada çykyp gürrüň berjekdir.
şol bir wagtda Zarif şu gün bu konferensiýanyň ýanynda Germaniýa parlamentiniň daşary syýasy komitetiniň başlygy Norbert Röttgen bilen duşuşyp gürrüň etdi.bu duşuşykda taraplar sebitiň soňky özgerişleri şol sanda Siriýanyň özgerişleri barada hem-de ýadro ylalaşygyň iş maslahaty hakda gürrüň etdiler.